JEMGYÝET

Türkmenistanlylar tekeköpri arkaly biri-birlerini Täze ýyl bilen gutladylar

Biri-birini gutlamaga olara Aşgabat şäheri we welaýatlar bilen guralan teleköpri kömek etdi. Tamamlanyp barýan ýylyň 31-nji dekabrynda Täze ýylyň gelmegine sähelçe wagt galanda, paýtagtyň we welaýatlaryň wekilleri häzirki zaman tehnologiýasynyň kömegi arkaly biri-biri bilen didarlaşdylar.

Lebap welaýatynyň baş arçasy bu ýyl täze ýere göçdi. Ony şu ýylyň tomsunda ulanylmaga tabşyrylan «Türkmeniň ak öýi binasynyň» ýanyndaky meýdançada oturtdylar. Welaýatyň wekilleri onuň ýanynda jemlendiler we şu ýerden göni ýaýlym arkaly çar tarapa gutlaglaryny iberdiler.

Täze ýylyň gadam basmagyna bir sagat çemesi wagt galanda, teleköpriniň üsti arkaly gutlag bilen ýüzlenmek üçin Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň wekillerine gezekli gezegine söz berdiler. Lebabyň wekilleri hem göni ýaýlymda welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini, ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi.

Welaýatyň sungat işgärleriniň dabaraly saza goşup aýdan, ýürek joşduryjy sözler bilen başlanýan aýdymy teleköpriniň alnyp berilýän ýerine ýygnananlaryň köňüllerindäki pikirleriniň beýanyna öwrüldi.

Bu ýere ýygnanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdіmuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny hem diňlediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: