TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanlylar söweş meýdanynda hem, tylda hem watansöýüjiligiň we edermenligiň nusgasyny görkezdiler

Durmuş, üstünden ençeme ýyllar geçse-de, özüniň ähmiýetini ýitirmeýän wakalardan doly. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmenistanlylaryň söweş meýdanynda görkezen edermenlikleri we tylda gijesini gündiz edip, yssy diýmän, sowuk diýmän ýeňşi ýakynlaşdyrmak ugrunda çeken zähmeti bu günki nesil üçin görelde alarlykdyr. 1941 — 1945-nji ýyllarda bolup geçen gazaply söweşlere türkmenistanly esgerleriň we ofiserleriň 300 müň töweregi gatnaşdy. Eýýäm 1941-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň çäginde 87-nji we 88-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadalary, 97-nji we we 98-nji türkmen kawaleriýa (atly) diwiziýalary döredildi we harby tälim alanlaryndan soň fronta ugradyldy. Urşuň ilkinji günlerinde 248 lukman we 662 ýörite orta bilimli lukmançylyk hünärmenleri fronta iberildi. Fronta gidenleriň 86 müňi jeň meýdanynda başlaryny goýdular. Türkmenistandan baran 78 müň esger söweş ordenleri we medallary bilen sylaglandylar, 112 adam bolsa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldy. Bu öňki soýuzyň respublikalarynyň arasynda her ýüz müň adama düşýän gahrymanlar boýunça iň ýokary görkezijidir. Şeýlelik bilen, uruş döwrüniň ýigitleri ata-babalarymyzyň edermenlilik görkezmek däplerini mynasyp dowam etdirýändiklerini subut etdiler. Fronta adamlar bilen bir hatarda atlar hem iberildi. Şol wagtda olaryň ulanyşda bar bolanynyň 20%-i goşunyň zerurlyklary üçin fronta ugradyldy.

 

 

Kynçylyk kimiň kimligini hem belli edýär. Türkmenistanda ýaşaýan halklar ýowuz ýyllarda öýüni ýitiren, ýaşaýan ýerini terk edip gaýtmaga mejbur bolan adamlara dostluk, doganlyk goluny uzatdylar, olar bilen bir döwüm çöregini paýlaşdylar. Olary bu ýerde özleriniň ýakynlary hökmünde kabul etdiler. Türkmen halkynyň myhmansöýerliligini, dost-doganlyk gatnaşyklara hormat goýýandygyny görüp, göçüp gelenleriň köpüsi uruş tamamlanandan soň hem Türkmenistanda ýaşamagyny dowam etdirdiler.
1941-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistana öňki SSSR-iň günbatar böleginden göçürilen kärhanalar, okuw, ylmy we medeniýet edaralary getirilip başlandy. Ykdysadyýet dolulygyna uruş döwri üçin gerek bolan önümleri öndürmäge gönükdirildi. Zenanlar fronta giden erkekleriň deregine stanoklaryň başyna geçdiler. Metal işläp bejeriji senagatyna degişli kärhanalarda ýarag we ok-däri, ýeňil tekstil we ýerli senagat kärhanalarynda harby eşikleri we esbaplary çykaryp başladylar. Aşgabadyň aýna zawodynda termoslaryň, derman üçin çüýşejikleriň (ampulalaryň), lampoçkalar üçin aýnanyň, dermanhanalar üçin gerekli gap-gaçlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Türkmenabadyň ýüpek kombinatynda dokalan matalardan paraşýut tikip başladylar.
Şol ýyllar pensionerler hem iki elini gowşuryp oturmadylar, hemmeler bilen deň hatarda zähmet çekdiler. Öň öýlerinden çykman ýören aýallar erkekleriň hünärini öwrendiler hem-de parawozyň maşinistleri bolup işlediler, traktor, maşyn sürdüler. Diňe urşuň başky bir ýylynyň dowamynda zenanlardan 1 189 mehanizator taýýarlanyldy. Ýetginjek oglan-gyzlaryň 93%-i oba hojalygynda zähmet çekdiler we gerekli çig maly we azyk önümlerini ýetişdirmäge saldamlary goşantlaryny goşdular.

 

 

Şu we beýleki taryhy maglumatlar ýeňşiň gazanylmagyna goşant goşmakdan hiç kimiň çetde durmaýandygyny şaýatlyk edýärler. Adamlar toplanja pullarynyň, gymmat bahaly şaý-seplerini goranyş goruna tabşyrypdyrlar, gelinler we gyzlar gijelerine jorap, ellik örüp, ýyly eşikleri tikip, dürli ir-iýmişleri we azyk önümlerini toplap, esgerlere ýollapdyrlar. Urşuň başlanan ilkinji ýylynyň noýabr aýynda Türkmenistan boýunça 9 million manadyň, 42 million manatlyk döwlet zaýomynyň obligasiýasynyň, 969 kilogram altynyň we 2 929 kilogram kümüşiň tabşyrylandygy faşistik basybalyjylary kowup çykarmak üçin hiç zadyň gysganylmandygyny görkezýär. Urşuň dowamynda türkmen zenanlarynyň altyndan we kümüşden ýasalan şaý-sepleriniň 7 392 kilogramyny goranyş goruna tabşyrandyklary aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bu san öňki bütin Sowet Soýuzy boýunça ýygnalan gymmat bahaly metallaryň 80%-niň türkmen aýal-gyzlarynyňkydygyny aňladýar. Diňe şu maglumaty özi hem ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin türkmenistanlylaryň goşan goşandygynyň ummasyzdygyna şaýatlyk edýär. Tabşyrylan şaý-sepleriň hasabyna çykarylan tanklardan 5 kolonna, uçarlardan 7 eskadrilýa düzüldi we olar harby bölümlere tabşyrylanda, türkmenistanly zenanlaryň sowgadydygy tankçylaryň we uçarmanlaryň dykgatyna dabaraly ýagdaýda ýetirildi. Bu söweş maşynlarynyň gapdal tarapynda bu baradaky maglumatlar ýazyldy.

 

 

Welaýat döwlet arhiwinde Lebabyň ýaşaýjylarynyň hem goranyş goruna pul, döwlet zaýomynyň obligasiýasylaryny, egin-eşik, azyk önümlerini, at, araba we onuň enjamlaryny hem-de beýleki zatlary toplandyklary baradaky maglumatlaryň uly toplumy saklanylýar. Olar we beýleki materiallar bilen tanyşanyňda, ildeşlerimiziň söweş meýdanynda hem, tylda hem gahrymançylyk görkezendigine magat göz ýetirmek bolýar.
Bu gün Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary aýratyn hormatlanylýar, wepat bolanlaryň öňünde baş egilýär.

Döwletgeldi Hudaýberdiýew.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply