Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň çäginde zenanlaryň arasynda geçirilen futbol bäsleşiginiň final duşuşygynda türkmenistanly FIFA-nyň emini Kristina Bersenýowa eminlik etdi. Tailandyň Çonburi şäherinde geçirilen finalda Filippinleriň hem-de Wýetnamyň zenanlar ýygyndy toparlary duşuşyp, esasy wagt 0:0 hasabynda tamamlandy, 11 metrlik urgularda bolsa Filippinler ýeňiş gazanyp, baş baýraga mynasyp boldy. Duşuşykda awstraliýaly baş emin Rebekka Durkaunyň kömekçileriniň wezipesini Kristina Bersenýowa bilen laosly Çanthawong Phutsawan ýerine ýetirdiler.
Şu ýyldan başlap halkara ýaryşlaryna kömekçi emin hökmünde gatnaşyp başlan K. Bersenýowa AFK-nyň bäsleşiklerine dördünji gezek çagyryldy. Onuň şeýle abraýly ýaryşyň finalynda eminlik etmegi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminleri taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň netijesi hökmünde bellenilýär.
Türkmenistanly zenan emin final duşuşygyny alyp bardy
21
Dec
