Türkmenistanyň tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynyň Aziýa-Okeaniýa sebiti boýunça saýlama tapgyryny bürünç medal bilen tamamlady. Ýaryşa sebitden 15 döwletiň wekilleri gatnaşdy.
Toparçalaýyn tapgyrda türkmenistanly oglanlar üç duşuşygyny hem 3:0 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamladylar.
Soňky duşuşykda türkmenistanly oglanlar Şri-Lankanyň wekillerini 2:1 hasabynda ýeňip, 15 döwletiň wekilleriniň arasynda ilkinji üçlüge girmegi başardylar. Gyzlar hem üçünji orun ugrundaky duşuşykda Indoneziýadan şeýle hasap bilen asgyn geldiler. Oglanlaryň arasynda Singapur, gyzlaryň arasynda bolsa Malaýziýa ýaryşyň çempiony boldy.