SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanly türgenler «Antaliýanyň kubogy — 2022»-de bäş medala mynasyp boldular

 Türkmenistanly türgenler taýboks boýunça Türkiýede geçirilen «Antaliýanyň kubogy — 2022» halkara ýaryşynda medallaryň bäşisine mynasyp boldular. Ýaryşlar 23 — 27-nji noýabr aralygynda geçirildi.

Türkmen taýboksçulary iri ýaryşda bir altyn, bir bürünç hem-de üç kümüş medal gazadylar. Oňa dünýäniň 32 ýurdundan 756 türgeni gatnaşdy. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna 9 türgen wekilçilik etdi.

Altyn medaly 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Aşgabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mustapa Saparmyradow gazandy. Kümüş medallary bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Bäşim Bäşimow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Muhammet Jumamyradow (81 kilograma çenli agram derejesinde) we Döwletmyrat Güýjow (91 kilograma çenli agram derejesinde) eýelemegi başardylar.

Aşgabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi Muhammetberdi Röwşenow 91 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bir bürünç medaly goşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: