JEMGYÝET

Türkmenistanly türgen kinofilmde surata düşdi  

Türkmenistanly türgen, MMA-nyň pälwany Döwletjan Ýagşymyradow «Esas: Osman» atly meşhur başdan geçirmeler kinofilminiň 97-nji seriýasynda gysga sahnalarda surata düşdi. Kinofilmiň bu seriýasy üstümizdäki ýylyň 8-nji iýunynda Türkiýäniň ATV teleýaýlymynda görkezildi.

Bu köp seriýaly kinofilm Osman imperiýasyny esaslandyryjy Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta geçmegi bilen baglanyşykly bolup geçen möhüm taryhy wakalary beýan edýär. Filmde düşen pursatlaryny türgeniň Instagramdaky sahypajygynda görüp bolýar.  

Mälim bolşy ýaly, Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda çykyş edýän ilkinji türkmen türgenidir. Ol bu gurama bilen 2020-nji ýylyň dekabrynda şertnama baglaşypdy. Döwletjan geçiren duşuşyklarynda on dokuz gezek ýeňşini baýram etdi, ýedi gezek ýeňlişe sezewar boldy, bir gezek hem deňlik gazandy. Türgen Bellator bilen baglaşan şertnamasynyň tamamlanýandygyny we indiki geçirjek göreşiniň onuň esasynda guralýan iň soňky göreş boljakdygyny mälim etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: