SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanly türgen dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy

109 kilogramdan ýokary agram derejesindäki agyr atletikaçylaryň arasynda ýaryşan 22 ýaşly türgen Atajan Daýyýew Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy.

Geljegine uly ynam bildirilýän türgen ştangany itekläp galdyrmak boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi boldy. Ol 208 kilogram agyrlygy galdyryp, bu üstünligi gazandy. Atajan ilkinji synanyşygynda 202 kilogram agyrlygy buýurdy we ony üstünlikli göterdi. Ol ikinji synanyşykda 208 kilogramyň hötdesinden geldi. Üçünji gezekde 213 kilogram agyrlygy buýran ildeşimize bu gezek şowlulyk ýetmedi. Eger Atajan üçünji synanyşygyny hem üstünlikli tamamlan bolsa, umumy netijede hem baýrakly orunlaryň birini eýeläp bilerdi.

Atajan Daýyýew ştangany silterläp götermekde 162 kilogramlyk sepgide ýetip bildi. Bu netije onuň dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň ilkinji dörtlügine girmegi üçin ýeterlik boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça hem 370 kilogram sepgide ýetip, dördünji orny eýeledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: