Türkmenistanly türgen dünýä çempionatynda ikinji orna mynasyp boldy

Meksikanyň Leon şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň türgeni Saparly Muhyýew kümüş medala mynasyp boldy.

96 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan türkmenistanly türgen silterläp götermekde 133 kilogram agyrlygy eýgerip, ýedi türgeniň arasynda ikinji orny eýeledi. Itekläp galdyrmakda bolsa 167 kilogram agyrlygy göteren türgen bu derejede iň gowy netijeleriň üçünjisini gazandy. Şeýlelikde, ýaryşy 300 kilogramlyk netije bilen tamamlan Saparly umumy hasapda kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde ýedi türgen bäsleşdi.

Bu dünýä çempionatyna Türkmenistandan ýetginjek agyr atletikaçylaryň 8-si gatnaşdy. Saparly Muhyýewden öň, Perhat Bagtyýarow 59 kilogram agram derejesinde ýygyndy topara ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşigiň kiçi kümüş medalyny getirse, şol agramdaky gyzlaryň ýaryşynda Medine Amanowa kiçi bürünç medalyny gazandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector