SYÝASAT

Türkmenistanly telekeçiler nemes işewürleriniň tejribesini öwrenerler

Üstümizdäki ýylyň dowamynda türkmenistanly telekeçiler Germaniýa Federatiw Respublikasynda dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw geçmäge mümkinçilik alarlar.

Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň saýtynda ýerleşdirlen bildirişde habar berilýär. Onda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2022-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligiň yglan edilýändigi barada aýdylýar.

Okuwa diňleýjileri saýlap almak üçin söhbetdeşlik 2022-nji ýylyň 9—13-nji maýy aralygynda geçiriler. Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn  söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere 2022-nji ýylyň dowamynda wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşarlar. Şonuň ýaly-da, dünýäde dörän ýagdaý zerarly girizilen çäklendirmeler aýrylan ýagdaýynda olar Germaniýa Federatiw Respublikasynda iki hepdelik tejribe geçerler.

Okuwa azyndan iki ýyl iş tejribesi bolan ýokary bilimli ýuridiki şahslaryň, düzüm birliklerini ýolbaşçylary, şonuň ýaly-da hususy telekeçiler gatnaşyp bilerler. Dalaşgärleriň nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidigi hem habar berilýär.

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänleriň dykgatyna 2022-nji ýylyň 4-nji maýyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmalydygy hem ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: