JEMGYÝET

Türkmenistanly telekeçiler döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden peýdalanýarlar

Öz işini Çärjew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň çäklerinde alyp barýan «Eşret» daýhan hojalygy ýakynda «John Deere» traktorlarynyň bäşisi, bir sany galla orujy kombaýn we ekiji, ýeri tekizleýji, sürüji gurallaryň ençemesini satyn aldy.

Bu tehnikalar döwlet tarapynda beilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna satyn alyndy. Daýhan hojalygy täze tehnika almak üçin «CLAAS» kompaniýasy bilen hem şertnama baglaşdy.

Işewür Ruslan Seýliýewiň ýolbaşçylygyndaky daýhan hojalygy mundan ýedi ýyl ozal ― 2015-nji ýylda döredildi. Ol, esasan, guşçulyga ― towuk ýetişdirip, ilaty ýumurtgadyr et bilen bolelin üpjün etmäge ýöriteleşdirilendir. Bu daýhan hojalygynyň ot-iým taýýarlamak üçin 103 gektarlyk ýeri hem bar. Täze tehnikalar şol ýerlerde işlemek üçin getirildi.

Diňe geçen ýylyň özünde «Eşret» daýhan hojalygy içerki bazara towuk ýumurtgasynyň 10 milliondan gowragyny ugratdy. 

Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: