YKDYSADYÝET

Türkmenistanly telekeçi önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär

Telekeçi Serdar Akmyradowa degişli bolan hususy önümhanada şu ýylyň geçen iki aýynda 0,5  tonna gaýmak öndürildi we netijede ýerine ýetirilen iş 8 müň manatlykdan aşdy. Söwda nokatlaryna ugradylan peýniriň we dorogyň mukdary bolsa 4 tonna barabar boldy. Pul hasabynda bu önümiň 105 müň manatlykdan gowragy öndürildi.

Geçen ýylda bu önümhanada peýniriň we dorogyň 18 tonnasy, gaýmagyň bolsa 2,5 tonnasy çykarylyp, sarp edijilere ugradylypdy. Öndürilen önümiň umumy möçberi pul hasabynda 549 müň manatlykdan geçipdi.

Hususyýetçi geljekde süýt we süýt önümleri eksport etmegi hem meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: