JEMGYÝET

Türkmenistanly talyplar ýaş taryhçynyň I halkara mekdebiniň maslahatyna gatnaşdylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary Wolgogradyň durmuş mugallymçylyk uniwersitetiniň guramagynda onlaýn geçirilen ýaş taryhçynyň I halkara mekdebiniň  «Ýaşlar medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň dialogunda» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim we Daşary işler ministrligi bilen bellenilen tertipde baglaşylan ylalaşyk esasynda üç günläp geçirilen bu ylmy maslahata Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. Sanly ulgam arkaly geçirilen bu ylmy amaly maslahatda S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary «Türkmeniň halyçylyk sungaty», «Jelaletdin Meňuberdi — türkmen halkynyň milli gahrymany», «Köneürgenjiň orta asyr ýadygärlikleriniň aýratynlyklary: taryhdaky ýeri we orny» atly temalarda çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: