BILIM

Türkmenistanly talyplar VIII Matematika bäsleşigine gatnaşarlar

Apreliň soňky ongünlügünde Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary Sankt-Peterburgyň habar beriş tehnologiýalary, mehaniki we optiki barlag milli uniwersitetiniň guramagynda geçirilýän Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VIII Matematika bäsleşigine («NCUMC—2022») gatnaşarlar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Matematika boýunça iri gözden geçirilişik, adatça, öz meýdanynda dürli ýurtlardan ýüzlere talyplary toplaýar. Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Polşanyň, Estoniýanyň, Indoneziýanyň, Gresiýanyň, Çehiýanyň we beýleki ýurtlaryň talyplary oňa yzygider gatnaşýarlar.

Türkmenistanly talyplar hem oňa her ýyl gatnaşýarlar we üstünlikli çykyş edýärler.

Geçen ýyl  geçirilen «NCUMC—2021» bäsleşiginiň jemleri boýunça Türkmenistandan 7 talyp ýeňiji boldy, 26 talyp bolsa baýrakly orunlary eýeledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: