JEMGYÝET

Türkmenistanly talyplar halkara bäsleşiginde üstünlik gazandylar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Ýürek owazy» atly halkara sungat bäsleşigi geçirildi,diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar. Dostlukly ýurduň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen guralan çärä gatnaşyjylar halk saz gurallarynda saz çalmak, dünýä halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirmek, mýuzikl, jaz eserleri, sahna ussatlygy, çeperçilik eserleri ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Onlaýn görnüşdäki bu bäsleşikde Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary öňdäki orunlaryň dördüsini eýelediler. Mekdebiň üçünji ýyl talyby Serdar Bazarow D.Rossininiň «Tarantella» atly eserini ýerine ýetirip, birinji orna mynasyp boldy. Birinji ýyl talyby Jeren Çaryýewa hem ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň «Ýatlama» eseri bilen bäsleşikde birinji orny eýeledi. Mekdebiň ikinji ýyl talyby Gülälek Jumanyýazowa hem Nury Halmämmedowyň döredijiligine ýüzlenip, ikinji ornuň eýesi boldy. Halkara bäsleşiginde mekdebiň «Şöhle» hor toparynyň «Parahatçylyk aýdymy» atly şekilli aýdymy bolsa ikinji orna mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: