SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanly talyplar guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

Tatarystan Respublikasynda guşakly göreş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda Russiýa Federasiýasynyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanlylar medallaryň ýedisini gazandylar. Olaryň biri kümüş, beýlekileri bürünç medallardyr, diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dünýä çempionatyndaky ýeke-täk kümüş medaly 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nowruz Kakalyýew gazandy. Şeýle hem 60 kilograma çenli agramda Baýramoraz Guwanjow bilen Rasim Guseýinow, 65 kilograma çenli agramda Wepa Gurbanow, 70 kilograma çenli agramda Emirhan Esenow, 80 kilograma çenli agramda Atabek Amanow we 130 kilogramdan ýokary agram derejesinde Silli Annameredow dagy ýaryşy hormat münberiniň üçünji basgançagynda tamamladylar.

Dünýä çempionatyna 27 ýurtdan 200-den gowrak pälwan gatnaşdy. Ulularyň arasyndaky ýaryşlar 11, ýaşlaryň arasynda bolsa 9 agram derejesinde geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: