Türkmenistanly pälwan dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

 Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly pälwan Muhammet Kössekow altyn medala mynasyp boldy.

64 kilogram agram derejesinde çykyş eden Muhammet Bolgariýadan, Gazagystandan hem-de Azerbaýjandan gelen türgenlerden üstün çykdy. Mundan ozal ol Liwanyň Junýa şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazanypdy.

Bişkekde geçirilýän dünýä çempionaty 14-nji noýabra çenli dowam eder. Oňa 50 töweregi ýurtdan pälwanlar gatnaşýarlar. Türkmenistandan bu ýaryşa 21 türgen çykyş edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector