BILIM

Türkmenistanly okuwçylar Kawkaz matematiki olimpiadasyna gatnaşdylar

Russiýa Federasiýasynyň Adygeýa Respublikasynyň Adygeý döwlet uniwersiteti tarapyndan Maýkop şäherinde internet arkaly geçirilen 7-nji Kawkaz matematika olimpiadasyna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 4 okuwçy gatnaşdy.   

Bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň 19 sebitinden we 8 sany daşary döwletden jemi 121 okuwçy gatnaşdy. Halkara bäsleşikde Russiýa Federasiýasy, Ermenistan, Täjigistan, Gazagystan, Özbegistan, Serbiýa, Bolgariýa we Mongoliýa döwletleriniň zehinli okuwçylary öz aralarynda güýç synanyşdylar. Halkara bäsleşikde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Matematika dersi boýunça 11-nji synp okuwçylary Baýram Abdullaýew, Orazmyrat Sähetmyradow, Emir Wellekow bürünç medallara eýe boldular. Gülöwser Gylyçmämmedowa bolsa höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: