JEMGYÝET

Türkmenistanly mugallymlar wirtual okuwlarda  hünär derejesini kämilleşdirýärler

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň bir topary ABŞ-da geçirilýän okuwlarda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. Okuwy ABŞ-ly iňlis dili boýunça hünärmen doktor Karin de Ýoň-Kanan göni wideoaragatnaşyk arkaly alyp barýar. Iki hepde dowam etjek okuwa Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlar hem gatnaşýarlar.

Hanym Karin de Ýoň-Kanan türkmenistanly kärdeşlerini iňlis dilini gysga wagtyň içinde öwretmegiň hem-de okatmagyň iň täze döwrebap usullary bilen tanyşdyrar. Okuwyň birinji güni okuwy dolandyryş ulgamynyň ýumuş görnüşleri we görkezijileri ýaly temalar boýunça sapaklar geçildi.

Okuw «Google Meet» platformasynyň üsti bilen geçirilýär. Wirtual duşuşygyň dowamynda tanyşdyryşlar, söhbetdeşlikler we pikir alyşmalar bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: