Täze 2022-nji ýylyň öň ýanynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Tahyr Nazarow «Ýylyň eksperti—2021» halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini biri boldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti ýazýar.
Ýaryş Russiýa Federasiýasynyň «Täze ylym» Halkara ylmy hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan onlaýn görnüşde guraldy. Bäsleşigiň maksady häzirki zaman çygryndaky praktiki meseleleri, ylmy maglumatlary almagyň usullaryny we serişdelerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, hünärmenleriň gurşap alan çägindäki maglumatlaryň netijelerini seljermekden, tejribe alyşmakdan durýardy. Bu ylmy bäsleşige özüniň «Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini emele getirmekde bilim klasterleriniň mümkinçiligi» atly makalasyny hödürledi. Temanyň açylyp görkezilişiniň konstuktiwligi we giňligi üçin awtor 1-nji derejeli diploma mynasyp boldy we halkara professional barlag bäsleşiginiň ýörite ýygyndysynda makalasyny çykarmaga, şonuň ýaly-da ylmy elektron kitaphanasynda öz işini ýerleşdirmäge hukuk gazandy.