JEMGYÝET

Türkmenistanly daýhan äpet garpyz ýetişdirdi

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülzada Allaberenowa adamsy Halmyrat Huseýinow bilen äpet garpyz ýetişdirdi. Onuň agramy 23 kilograma barabar boldy.
Maşgala başy mehanizator bolup işleýär, Gülzada bolsa daýhan birleşiginde ekin çalşygyna laýyklykda gowaça we bugdaý ekip gelýär. Är-aýal 2011-nji ýyldan bäri esasy işiniň daşyndan bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Olar bakjaçylaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň welaýat we döwlet tapgyrlarynda äpet bakja önümleri görnüşi boýunça ençeme gezek ýeňiji boldular. Olaryň öýüni ýeňişlerine güwä geçýän diplomlar bezeýär. Gülzada bilen Halmyradyň alan iň uly garpyzy 25 kilograma barabar bolupdy.
Bu ýyl maşgala 0,5 gektar meýdanda garpyz, şonça ýerde hem gawun ekdi. Bu günler olar bakja önümlerini söwda nokatlaryna iberýärler.
― Äpet garpyzlary ýetişdirmek biziň gyzyklanmamyza örüldi. Onuň üçin bir düýp ekinde diňe bir sany garpyzy galdyrýarys we garaşyk edýäris, ýöne artykmaç dökün bermeýäris ― diýip, Gülzada gürrüň berýär.
Bu ýyl bolsa olaryň bakjasynda geň gawun ― goşa gawun hem ýetişdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply