7-9-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde
MEMORIAD-2024 Mental sporty boýunça Bütindünýä Olimpiadasy geçirildi.
Bäsleşige dünýäniň 35 döwletinden 180-den gowrak wekil gatnaşyp, olar
ýaşlaryň we ulularyň arasynda 12 kategoriýada ýaryşdylar. Türkmenistanyň
adyndan 17 mekdep okuwçysy we 2 wekil bu bäsleşikde çykyş etdi. Türkmen
okuwçylary 5 kategoriýada ussatlyklaryny görkezip, 3 medal gazanmagy
başardylar.
Netijede,
Ogulmaral Altyýewa “6 belgili sanlardan ýatdan dereje köki çykarmak”
boýunça ýaşlaryň arasynda 3-nji orny eýeläp, bürünç medal aldy;
Aýgül Ýusupowa “Anzan fleş-marafony” boýunça ýaşlaryň arasynda 2-nji
orny gazanyp, kümüş medala mynasyp boldy;
Mekan Nurgeldiýew “Anzan fleş-marafony” boýunça çykyş edip, altyn
medal gazanmagy başardy.
MEMORIAD 2006-njy ýylda esaslandyrylyp, mental sportuň dürli görnüşlerini
öz içine alýar. Ilkinji MEMORIAD Olimpiadasy 2008-nji ýylda geçirilip, şondan bäri Olimpiýa oýunlary bilen ugurdaşlykda her dört ýylda bir gezek guralýar
Türkmenistanly çagalar MEMORIAD-2024 Bütindünýä Olimpiadasynda üç medal gazandylar

12
Nov