JEMGYÝET

Türkmenistanly bagşy Özbegistanda geçilen festiwalda birinji orna mynasyp boldy

Türkmenistanly bagşy Derýa Saryýew 6 ― 8-nji maýda Özbegistanyň Gülüstan şäherinde geçirilen III Halkara bagşyçylyk festiwalynda birinji orna mynasyp boldy.

«Sputnik» neşiriniň ýazyşy ýaly, festiwalda Özbegistanyň wekili Ilhom Norow baş baýragyň eýesi boldy. Özbegistanly bagşa 7 müň dollar baýrak gowşuryldy.

Türkmenistanly bagşy bilen bir hatarda Gyrgyzystanyň wekili Risbaý Isakow, Russiýanyň wekili Samdam Aris, Özbegistanyň wekili Salamat Aýapow birinji orna mynasyp görüldi. Olaryň her biri 2500 dollar bilen sylaglandy.

Ikinji orny Bolgariýanyň wekili Heroslaw Dmitrow, Hindistanyň wekili Sarwar Kamal, Gruzýanyň wekili Nugzar Kawkaradze, Özbegistanyň wekili Rasulbek Abdurahmanow eýeledi. Olar 1750 dollara eýe boldular.

Koreýa Respublikasynyň wekili Şi Ja Sun, Mongoliýanyň wekili Erdane Waýusun, Gazagystanyň wekili Serik Jaksikulow we Özbegistanyň wekili Dilmurod Gulmurodow 3-nji ýeri eýeledi. Olar 1250 dollar bilen sylaglandy.

Şeýle hem, festiwalda işjeň bagşylar, milli tagam taýýarlamak we iň işjeň guramaçylar hem ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: