YLYM WE TEHNIKA

Türkmenistanly alymlar «Akylly öý» ulgamy üçin tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrýarlar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» innowasion toplumynda kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň «Nanoelektronika we zatlaryň interneti» ylmy-önümçilik merkezinde «akylly» tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

«Akylly» perdeler we tutular gün şöhlesini we ýylylygy has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Ulgam gije-gündiziň dowamynda tebigy ýagtylygyň derejesine görä perdeleri we tutulary awtomatiki usulda açýar we ýapýar. «Akylly öýlerdäki» «akylly rozetkalar», «akylly aýnalar» ýaly enjamlar hem bu ylmy önümçilik merkezinde işlenilip taýýarlanyldy.

Suw, gaz we elektrik togy bilen bagly näsazlyklar ýüze çykanda, ulgamyň özi muny awtomatiki usulda aradan aýryp, öý eýesine näsazlyklar barada habar berýär. Ulgam islendik näsazlyk ýüze çykanda ykjam telefona SMS habaryny, ses ýa-da jaň ugradýar. Geljekde täze öýlerde howpsuzlyk ulgamyna ýer yranmasyny ýaly tebigy hadysalar barada habar bermek mümkinçiligini girizmek hem göz öňünde tutulýar.

Köpçülikleýin ulanylýan zibil gutularynyň gigiena we sanitariýa taýdan arassa bolmagy üçin «Akylly zibil gutulary» ulgamy işlenip taýýarlandy.

«Akylly» tehnologiýalara degişli «Akylly öý» ulgamy Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ornaşdyryldy. Bu binalaryň otaglarynda yşyklandyryş, ýyladyş, howa çalyşmak hem-de sowatmak, howpsuzlyk ulgamlaryna gözegçilik we olary dolandyrmak işleri doly awtomatlaşdyrylan.

«Akylly öý» ulgamynyň her bir elektrik enjamy el telefonynyň kömegi bilen dolandyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: