SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Katarda geçirilen halkara ýaryşda 21 medal gazandylar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, jemi 21 medal — 7 altyn, 7 kümüş we 7 bürünç medal gazandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilen Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi. Bäsleşige 28 ýurtdan 240-a golaý türgen gatnaşdy.
Türkmen türgenleriniň arasynda Ogulşat Amanowa 53 kilogram agram derejesinde üç bürünç medal gazandy, Bunýad Raşidow 71 kilogramda iki altyn we bir kümüş medal bilen tapawutlandy. Şeýle hem Medine Amanowa 63 kilogramda üç kümüş, Anamjan Rustamowa 86 kilogramda üç altyn medal gazandy. Dawranbek Hasanbaýew 110 kilograma çenli agram derejesinde iki altyn we bir bürünç medal eýeledi. Mundan başga-da, Zybagül Söýmüşowa, Gaýgysyz Töraýew, Rüstem Annaberdiýew we Resul Rejepow hem dürli agram derejelerinde medal gazanyp, milli ýygyndy toparynyň umumy üstünligine mynasyp goşant goşdular.