YKDYSADYÝET

Türkmenistandan konteýner ýükli ilkinji otly Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa bardy

 Türkmenistandan Gazagystanyň üsti bilen ugradylan konteýner ýükli otly bäş günden Hytaýa bardy, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Konteýner ýükli otluda gips ýüklenen kyrk futluk konteýnerleriň 42-si bar. Türkmenistandan we Gazagystandan ýüküň bellenilen ýerine çenli uzaklygy 4150 kilometr bolup, onuň 3450 kilometri Gazagystanyň içinden geçýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden ugradylan konteýner ýükli otlynyň ekspeditory «KTZ Express» PJ we «Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ-dir.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ (TULM) 2018-nji ýylda döredildi we daşalýan halkara hem-de poçta ýükleriniň möçberini artdyrmaga ýardam etdi. Merkez howa, demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglary bilen ýük daşalmagyny gurap, ýerli we daşary ýurtly hyzmatdaşlara ulag-logistika hyzmatlarynyň giň görnüşini teklip edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: