YKDYSADYÝET

Türkmenistandan Hytaýa her gije-gündizde 20 million kub metrden gowrak tebigy gaz iberilýär

 Hytaýa häzirki döwürde her gije-gündizde «mawy ýangyjyň» 20 million kub metrden gowragy ugradylýar. Bu meýilnamada bellenilenden 5 million kub metrden hem artykdyr. Şu ýylyň başyndan bäri bu görkeziji 3,5 milliard kub metrden hem gowrak boldy.

Geçen ýylyň başynda «Malaý» gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi iberilýän gazyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu kändäki gaz guýularyndan uzynlygy 188 kilometre barabar bolan «Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijisi arkaly harytlyk önüm üznüksiz akdyrylýar.

Indi on üç ýyla golaý wagtdan bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen «mawy ýangyjy» üznüksiz ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: