YKDYSADYÝET

Türkmenistandan Hytaýa gidýän gaz geçirijisiniň dördünji şahasy gurular

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna eden döwlet saparynyň dowamynda iki döwletiň ýolbaşçylary bu barada bir pikire geldiler.

Iki döwletiň bilelikdäki Beýannamasynda: «Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda gaz boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belleýärler. Toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň şu ugrunda — önümçilikde, turba geçirijiler boýunça akdyrmakda, söwdada, maliýeleşdirmekde we tehniki üpjünçilikde degişli guralyň döredilendigini belleýärler. Türkmenistan we Hytaý energetika babatda hakyky strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Özara düşünişmek, açyklyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine eýerip, taraplar mundan beýläk-de hereket edýän şertnamalary doly ýerine ýetirerler, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ilerlederler, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar, gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler» diýilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: