Şanhaýda ýaşaýan türkmenistanly gyz «Täze Hytaýyň Aýdymy» atly gysga metražly dokumental filmi surata düşürdi. Ol gitdigiçe, «YouTube»-de meşhurlyga eýe bolýar. Bu barada «orient.tm» ýazýar.
7 minut 48 sekund dowam edýän filmi döretmek üçin Kristina Grigorýan we hytaýly Týan Hunmin bilelikde işlediler. Film HHR-niň «Meýletinçileriň marşy» atly döwlet senasynyň gelip çykyşynyň taryhy barada gürrüň berýär. HHR-niň döredilen Güni mynasybetli berilýän «altyn hepde» diýlip atlandyrylýan kanikul döwründe bu gysga metražly film internetde görkezilýänleriň iň meşhury boldy we köp mukdarda laýk we repost toplady.
Kristina 8 ýyl bäri Hytaýda ýaşaýar. Ol Şanhaý uniwersitetinde magistr derejesini aldy.