JEMGYÝET

Türkmenistandaky iň uzyn köpri Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynda bolar

Aşgabatdan Türkmenabat şäherine uzaýan awtoban birnäçe aýratynlyklara eýe bolar. Şolaryň biri hem bu ýoluň ugrunda gurulýan köpridir. Uzynlygy 291 metre ýetjek köpri Türkmenistandaky iň uzyn köpri bolar ― diýip, «Central.asia» ýazýar.

Bu köpri ýoluň 442-nji kilometrinde gurulýar. Garagum derýasynyň üstünden geçjek bu köpriniň ini 38 metre ýetýär.

Ýoluň «Mary—Türkmenabat» böleginiň 322-nji kilometrinde ýene bir uly köpriniň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň uzynlygy 241 metre ýeter.

Häzirki wagta çenli awtoulag ýolunyň gurluşygyna on müňden gowrak adam we bir ýarym müň sany gurluşyk enjamlary gatnaşýar. Ýoluň ugrunda onlarça uly we kiçi köpri, şeýle hem ýerasty geçelgeler, awtoulag hyzmat meýdançalary we töleg terminallary gurulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: