TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistandaky ilkinji medisina klasterini gurjak kompaniýalar belli boldy

Türkmenistanda Arkadag şäheriniň medisina klasteriniň birinji tapgyrynyň
gurluşygyna girişilýär. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 10-njy ýanwarda gol çekdi. Resminamada görkezilişi ýaly, gurluşyk işlerine girişmeklik 2025-nji ýylyň
ýanwar aýynda başlanar we desgalaryň doly ulanyşa taýýar görnüşde
tabşyrylmagy 2027-nji ýylyň ýanwar aýyna meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetine ýerli we daşary ýurt kärhanalary bilen desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanmagy we gurluşygy boýunça şertnamalary baglaşmaga rugsat berildi.
Gurluşygy «Saýaly Menzil», «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik», «Ajaýyp gurluşyk» we «Mukaddes gün» kompaniýalary alyp barar.