BILIM

Türkmenistandaky Fransiýa instituty fransuz dili boýunça Olimpiada geçirer

Türkmenistandaky Fransiýa instituty ikinji ýyl fransuz dili boýunça Olimpiada geçirer. Oňa türkmen mekdeplerinde we Fransiýa institutynda fransuz dilini öwrenýän okuwçylar (çagalar/ýetginjekler) gatnaşyp bilerler. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Olimpiada iki tapgyrda, 2022-nji ýylyň aprel aýynyň dowamynda we ahyrynda geçiriler. Olimpiadanyň temasy «Syýahatçylyk açyşlar we başdan geçirmeler» bolar.

Olimpiada Frankofoniýa bäsleşikleri bilen bir wagtda geçiriler.

Her ýyl yklymlaryň bäşisiniň-de fransuz dilinde gürleýän ilaty Frankofoniýa Halkara gününi belleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: