Türkmenistanyň Bilim ministrligi Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geljekde hünärmenlere bolan zerurlyklar boýunça Tertibi işläp düzer. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde degişli tabşyryklary berdi.
Arkadagly Gahryman Serdar ýurduň milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilendigini, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ýurtda halkara derejä laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezident Bilim ministrliginiň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geljekde hünärmenlere bolan zerurlyklar boýunça Tertibi işläp düzmeginiň möhümdigini aýdyp, Bilim ministrligine bu çaklamalaryň esasynda hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmegiň döwlet sargydyny taýýarlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda zerur bolan ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylar
20
Sep

