TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda zähmet bazarynyň 2030-njy ýyla çenli ösüş konsepsiýasy taýýarlanyldy

Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy taýýarlanyldy. Resminamada ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we halkara hukugyň kadalaryny nazara almak bilen ulgamlaýyn özgertmeleri amala aşyrmak maksat edinilýär. Şeýle hem zähmet bazarynda seljeriş usullaryny kämilleşdirmek, täze hasabat görnüşlerini
ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow habar berdi.
Şeýle-de, konsepsiýada Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we onuň ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmak ýaly ugurlar aýratyn bellenilýär. Bu çäreler işçi güýjüniň mümkinçiligini artdyrmaga, ýaşlary hünär taýýarlygy bilen üpjün etmäge hem-de ýurdumyzda zähmet
gatnaşyklarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz resminamany makullap, degişli Karara gol çekdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň zähmet bazarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda möhüm ädim goýuldy we wise-premýere degişli çäreleri ýerine ýetirmek tabşyryldy.