MEDENIÝET

Türkmenistanda «Ýylyň parlak ýyldyzy» yglan edildi

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Emin agza bolup gatnaşýan sahna ussatlarynyň her bir aýdymçynyň sesiniň arassalygyna, owazyna baha berip bilmekleri üçin aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi. Munuň özi ýaş aýdymçylaryň artistlik ukybyny ýüze çykarmaga ýardam berdi.
Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanaldy. Soňra dabarany alyp
baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Şunlukda, “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Gylyçdurdy Durdyýewe göçme kubok we gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: