Türkmenistanda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow.
Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.
Itşynas gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistanda ýylyň edermen alabaýy belli boldy
27
Oct
