Türkmenistanda ýylyň birinji ýarymynda ýük daşamagyň ösüş depgini ýokarlandy

Türkmenistanda ýylyň birinji ýarymynda ýük daşamagyň ösüş depgini ýokarlandy. Geçen alty aýyň dowamynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 112,7 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 110,6 göterim berjaý edildi.

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda »Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 132,1, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 108,6, »Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 108,3, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 111,3 göterime deň boldy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin hökümet hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector