Türkmenistanda ýükleriň we ýolagçylaryň gatnadylyşynyň möçberi artýar

Geçen on aýyň dowamynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 109,4 göterim we ýolagçy gatnawlary boýunça meýilnama 104,3 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berilişi ýaly, ýanwar — oktýabr aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,1 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 129,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 175,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 110,6 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector