JEMGYÝET

Türkmenistanda ýolagçy otlularynyň tapgyrlaýyn gatnawy ýola goýuldy

«Türkmendemirýollary» agentliginiň saýtynda 2022-nji ýylyň 20-nji maýyndan başlap, Aşgabat şäherinden we welaýat merkezlerinden ýolagçy otly gatnawlarynyň tapgyrlaýyn ýola goýulýandygy baradaky bildiriş goýuldy. Oňa laýyklykda ýolagçy otlularynyň gatnawy aşakdaky tertipde we ugurlar boýunça amala aşyrylýar:

 1) her gün «Aşgabat — Türkmenbaşy»;

2) her gün «Türkmenbaşy — Aşgabat»;

3) her hepdäniň penşenbe, ýekşenbe günleri «Türkmenabat — Türkmenbaşy»;

4) her hepdäniň anna, duşenbe günleri «Türkmenbaşy — Türkmenabat»;

5) her hepdäniň çarşenbe, ýekşenbe günleri «Aşgabat — Daşoguz»;

6) her hepdäniň penşenbe, duşenbe günleri «Daşoguz — Aşgabat».

 Bildirişde ýolagçylaryň diňe gatnaw günlerinde kassalardan petek satyn alyp bilýändikleri hem habar berilýär. Petekleri öňünden satyn almak üçin www.railway.gov.tm web saýtyndan ýa-da railway (android) we (IOS) mobil goşundylaryndan peýdalanyp bolýandygy ýolagçylaryň dykgatyna ýetirilýär. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: