JEMGYÝET

Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünlerini bozýanlaryň temmisi güýçlendirildi

Türkmenistanda bellenilen hereket tizligini bozan sürüjilere berilýän temmi jerime görnüşinden belli bir möhlete çenli ulaglary dolandyrmak hukugyndan mahrum edilemgine çenli güýçelndirildi. Temiileriň görnüşleri Türkmenistanyň administratiw hukuk bozmalary hakynda kodeksine girizilen goşmaçralarda we üýtgetmelerde görkezildi. Olar eýýäm güýjüne girdiler.

Mysal üçin, bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy bolsa binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär. Bu hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.  

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy binýatlyk mukdaryň ýedisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär. Şeýle hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aý möhlete çäklendirilmegine eltýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: