Türkmenistanda ýol hereketini sazlaýjy yşyklandyryjylary we LTD ýol belgilerini öndürip başlarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna dürli maksatly plastik kartlaryň, ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi we mundan beýläk-de isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Bu işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector