BILIM

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw jaýlaryna girmek isleýän dalaşgärler üçin synaglar dowam edýär

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek üçin giriş synaglary dowam edýär. Giriş synaglaryny almaklyk dalaşgärleriň öz ýaşaýan welaýatlarynda ýola goýuldy. Ol ýörite tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Lebap welaýatynda ol Türkmenabat şäherinde alynýar. Lebaply dalaşgärler şu gün birnäçe ýokary jaýlaryna soňky synaglaryny tabşyrýarlar. Has takygy, Türkmen döwlet medeniýet institutyna, Türkmen döwlet maliýe institutyna, Türkmen döwlet oba hojalyk institutyna, S.A.Nyýazow adynda Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna girmek isleýän lebaply dalaşgärler üçin şu gün iň soňky synag tabşyrylýan güni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: