Türkmenistanda ýene bir kärhana işe girizilmäge taýýar
Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki önümleri öndürýän täze kärhananyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Wise-premýeriň bellemegine görä, kärhana ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürmäge ukyplydyr.
Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder diýip, B.Annamämmedow aýtdy.