«Ojar Aziýa» Sarahs — Mary — Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy üçin uly göwrümli taslamany hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän, uzynlygy, takmynan, 450 kilometre deň bolan bu ýol Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçer. Häzirki wagtda gurluşygyň şekil taslamasy taýýarlanylyp, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Hytaýdan halkara guramalar bilen ony maliýeleşdirmek boýunça gepleşikler geçirilýär.
— Golaýda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
tarapyndan guralan forumda «Ojar Aziýanyň» şahamçasy bolan «Türkmen maslahatçylar topary» (TMT Consulting Group) hojalyk jemgyýeti hem hyzmatdaş guramaçy bolup çykyş etdi — diýip, «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň direktorynyň gurluşyk işleri boýunça orunbasary A. Mommadow belleýär.
Türkmenistanda ýene bir awtoban gurlar
05
Nov
