SYÝASAT

Türkmenistanda ýaşlary goldamaga gönükdirilen täze kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanylýar

Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almaklary, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek bilen bagly Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Bu barada 4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylda birinji gezek geçirilen mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: