TÜRKMENISTAN HABARLARYYLYM WE TEHNIKA

Türkmenistanda Wi-Fi-routerleriň ilkinji tapgyry goýberildi

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň elektron önümlerini öndürýän kärhanasynda «UÇGUN» kysymly Wi-Fi-routerleriň ilkinji tapgyryny öndürdiler, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.
Şu ýylyň dowamynda internete birnäçe enjamlary çalt çatmaga mümkinçilik berýän Türkmenistanda öndürilen enjamlaryň 50 müň töweregini söwda nokatlaryna ugratmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, kärhanada 28 we 36 porta niýetlenen kommutatorlaryň önümçiligine girişdiler. Ol «Ethernet» hyzmatlaryny bermek, ýagny, lokal tory gurmak üçin niýetlenendir.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply