MEDENIÝET

Türkmenistanda we Hytaýda iki ýurduň medeniýet merkezleri dörediler

Şeýle ylalaşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gelindi.

Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň kabul eden bilelikdäki Beýannamasynda: «Taraplar medeniýet, bilim, ylmy-tehniki we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hytaýda Türkmen medeniýet merkezini we Türkmenistanda Hytaý medeniýet merkezini döretmek boýunça işleri çaltlandyrmak, «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek, 2023-nji we 2024-nji ýyllarda gezekleşikli medeniýet ýyllaryny geçirmek islegini tassyklaýarlar. Hytaý tarapy çäreleri guramakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny goldaýar. Taraplar Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň welaýatlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi höweslendirýärler» diýilip bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: