YKDYSADYÝET

Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň möçberi artýar

Geçen dört aýyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň möçberi artdy. Mysal üçin, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 111,4, benzin öndürmegiň meýilnamasy 120,6, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 115,8, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 118,6, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 107, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 106,7, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 111,1, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 121,9 göterim ýerine ýetirildi.

Şu döwürde «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: