YKDYSADYÝET

Türkmenistanda telekeçileriň sany 8,5% artdy

Soňky bäş aýyň dowamynda türkmenistanly telekeçileriň sany 8,5% artdy, diýip «centralasia.news» habar berýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň dekabrynda 57 müň 422 adam telekeçilik bilen meşgullanypdyr. Şu ýylyň 1-nji iýunyna çenli olaryň sany 62 müň 332-ä ýetipdir.
Fiziki şahslar hökmünde bellige alnan işewürleriň sanynyň artmagy Türkmenistanda ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulaşýandygyndan we iş alyp barmak üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändiginden habar berýär. Munuň üçin ýurduň ýolbaşçylygy salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçileri bellige almak we olaryň işiniň görnüşlerine lisenziýa bermek işini ýeňilleşdirmek bilen meşgullanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: