JEMGYÝET

Türkmenistanda telekeçilere sanly marketingi öwredýärler  

Aşgabatda telekeçiler üçin sanly marketing boýunça trening başlandy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawyny bermeginde Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky tarapyndan geçirilýär.

Trening gibrid görnüşinde geçirilýär. Paýtagtly işewürler oňa göni gatnaşýarlar, sebitleriň telekeçileri üçin bolsa treningiň onlaýn görkezilişi guralýar. Olary öz harytlaryny internetiň üsti bilen satmagyň usullary, onlaýn bazaryna çykmagyň mehanizmleri bilen tanyşdyrarlar.

Trening aprele çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: