YKDYSADYÝET

Türkmenistanda tebigy gazyň ýene bir senagat akymy alyndy

Täjibaý meýdançasynda burawlanan 1-nji ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.
Bu möhüm işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
Iri Malaý gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Täjibaý meýdançasy soňky döwürde senagat taýdan işjeň özleşdirilip başlandy. Häzirki günlerde «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri täze guýyny gaz akdyryjy ulgama birikdirmek boýunça degişli işleri ýaýbaňlandyrýarlar. Şunlukda, bu kände önüm berýän guýularyň sany üçe ýeter.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply